Gowy bolsaň
Aý, degmäýin diýseň göwne,
gowy boljak bolup ýa-da,
gelen gitsin diýseň öwnüp,
akyllydyr ýerden ýörän,
yza süýşseň, gowy däller,
bir, iki däl, köplük örän,
ne okajak, ne oýlanjak,
gerek hemmä soňsuz döwran,
mynjyradar, aýagsty,
har edersiň özüň, depäň
tutup berip her taýakla,
çeni ýagşy, gowulygyň,
bolsa-da kän, açman sakla,
berme ony arzan, boldan,
islän gelip alar ýaly,
ýöne ýerden bolmady bu,
kime kepek, kime şaly.