Siňe seretseň
What Paul says about Peter tells us more about Paul than about Peter. Baruch Spinoza
Sen Durdynyň Berdi hakda
aýdýanlaryn gowy diňle,
sen Berdiniň Durdy hakda
aýdýanlaryn gowy diňle,
belki Çaryň Maksat hakda
aýdýanlary öz-özüni
oňa görä açýar has kän,
ýa Jereniň Maral hakda
aýdaýnlary onuň özün,
kitap ýaly açýar, oka,
düşünjek bol adamlara,
kim sokydaş, kimse soky,
gitmez, galar ysy uzak,
her zat diýip biler dilli,
gülen bolar arasynda,
ýapjak bolup niýetini,
ýöne özün açar diňe,
öz-özüne bolan duzak,
wagt tap käte, seret siňe...