Surat

Gaýgysyzyň ogly bilen

Alys rus tokaýynda,
eteginde Moskwanyň,
Gaýgysyzyň ogly bilen
örtedim hem ýakdym janym.

Aýralyga gyýyldym, hak,
hem gyýyldym illerime.
Galyp bilmän ýatdym uzak,
urulan deý billerime.

Ot ýanyp dur şatyrdadyp,
guran agaçlaň süňňüni.
“Türkmenimi oýnaýarlar,
sanadyp ýüzi, “müň güni”...
diýip içim gepledýärin,
“Gürlesene” diýýän Kime.
“Ejirde-le aňrym-bärim,
gabalan-la türmä, sime...”

Kim, Kemine, biziň üçin
ýöne ogly Gaýgysyzyň.
Gürrüň berýär kesip-kesip,
hemem “Diňle - diýýär - yzyn!”

Göz öňüme gelýär bary,
kino ýaly, gussasy kän.
Türkmenimiň köýen ary,
aýdyp bolmaz, kyssasy kän.

Öňe çykan serdarlaryn
çapyp-çapyp gidipdirler.
Ysmaz edip mydarlaryn,
çakyp, ýykyp gidipdirler.

Gowulyk ýok, bilýär magat,
gaýraty ýok galkynmaga.
Däpden, dinden tapman tagat,
çem gelene diýýär “aga»...

“Il” diýeni aň-edenli,
“pul” diýenler ýeňer boldy.
Il rysgyna kast edildi,
ak ýagyşlar diňer boldy.

Gurar boldy çeşme-çaýlar,
ýaşyl ýeller epgek boldy.
Hiç geçmedi günler-aýlar.
Ýyllar gysyr emgek boldy.

Aldadylar türkmenimi,
“Öňde gowy günler” diýip.
Pesiň pesi çykdy öňe:
“Maňa diýiň - diýdi - beýik!”

“Maňa ägirt diýiň - diýdi,
- Serdar diýiň" diýdi ýene.
Ah, “Akyldar diýiň - diýdi,
- Mydar diýiň" diýdi ýene.

Alys rus tokaýynda,
ogly bilen Gaýgysyzyň,
dert aýdyşdyk gara gamda,
käte sowap, käte gyzyp.

Bu nämüçin beýle boldy?
O nämüçin peseldi dag?
Ömür geçdi, öýle boldy,
boý almady ekilen bag...

Alys rus tokaýynda,
aşagynda garry dubyň,
diýdik: “Näme üçin türkmen
ekeledýär ogra ugyn?"

Süňke meňzeş berýozalar
baş yraşýar derdimize.
Diýdik: “Soňsuz biparhlygy
kim getirip berdi bize?"

Garry sosna Aý yşgyna
dymdy yrap çüri başyn.
Oda ýabşyrylan tüňçe
ýaňagyndan dökdi ýaşyn...

Ynanýardyk, düzüw türkmen,
diýjek bolan dogrusyny,
öz ilinden gaçgak boldy,
taşlap yzda hassasyny...

Kim, Kemine Atabaýew,
ýumşak adam, göwni ýarym.
Başyn sallap, gezim edýär,
dertlerin unutjak aryp...

Unut nire, gussalary
aldar gitjek deýin dagap.
Gaýgysyzyň gamly ogly,
hem agtygy Täçgök agaň...

“Türkmen şeýle" diýseň ýüzün
sallap hapa bolýar örän.
Gamly ogly Gaýgysyzyň,
kakasynyň, otdan dörän!

Alys rus tokaýynda,
eteginde Moskwanyň,
Gaýgysyzyň ogly bilen
örtedim hem ýakdym janym.

Aýralyga gyýyldym, hak,
hem gyýyldym illerime.
Galyp bilmän ýatdym uzak,
urulan deý billerime...

1997 - 2024

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024