Surat

Seniň borjuň

Borçly däl sen, eneň, ataň,
obaň, iliň aşak bakyp,
çörek tapsa kaýyl, naçar,
ulaltsa-da ýaşmak dakyp,
ata-baba, öňden gelýär,
däp-dessurym diýen bolup,
boş sözlere, wadalara,
ýok perişdä uýan bolup,
ilki özüň, soň ýoldaşyň,
çagalaryň gul etmäge,
özün kiçi duýdurmaga,
süri bilen sürlüp, urlup,
aç çopana uýdurmaga,
kül etmäge borçly däl sen...

Hiç bir adam ýa-da topar,
taýpa, tire, millet bolup,
äjit-mäjit bolup, belki,
basyp alyp, öldürse-de,
ýa aç saklap, ýalan-ýaşryk,
il ýüzüne güldürse-de,
hala gyz bol, hala oglan,
hala oka, ýa okama,
adam bolsaň el-aýagy,
akyl-huşy düzüw doglan,
özüň 'hawa', 'hä' diýmeseň,
ezijini beýik saýyp,
ýa öwrenip dilin, däbin,
öz-özüňi egsik, ejiz
duýar ýaly edip bilmez,
bu bir ýoldur, saňa derek
hiç kim ylgap, gidip bilmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024