Dok açlar
Aç, hor adam ogurlasa düşünýän,
mätäç, ogurlasa çagasy üçin,
ýa ýalan sözlese alaçsyz, mejbur,
adam satsa, başga çäresi bolman,
ýöne doklar ajy talasa dini,
ýa kanuny dile edinip sena,
haky, adalaty goraýan diýip,
ýa-da bolan bolup il-güne pena,
öldürseler ýaragsyzy, ejizi,
ýa-da ýüz ýyl ýumursalar, ýyksalar,
bir adam däl, bir tire däl, köp üýşüp,
günde ýalbararsyň – oýar, ýaradan,
diýein: müň şükür, huşum däl, düýşüm!