Sylamaýan syýasat
Martha Gellhornyň äheňinde
Sen türmeden çykyp gelseň bir gysym,
aýdar olar buýsanç bilen, hamala,
höwes edip, ýa edere iş tapman,
sen mes bolup gelen ýaly bu ýola,
'işim bolmaz syýasatda, gowgada',
meger, şonuň üçin ýokaryk çykan
adam bolýar, iller bolmaýar adam...
Diýýär olar diýmän 'işim ýok meniň
howa bilen, suwy bilen zeminiň,
şerti bilen ýaşaýyşyň ýurdumda,
işim bilen, aýlyk bilen işim ýok,
köçeleri bilen işim ýok onuň,
jan saglygym, hukuklarym gerek däl,
azatlygym bilen işim ýok meniň,
geljek, boljak zatlar maňa bagly däl...'
Men olara gynanardym ilkiler,
indi beýle ýürek-bagrym dagly däl.