Geçilmedik synag

Aýnany kim alsa, şol alsyn diýip,
ýalan gülki, gürrüň bilen, gep bilen,
alym-berim bilen ýaşamak, galmak,
gyrp-çyrp bilen gün aýlamak kyn bolar,
indi biraz birleşeliň, adamlar,
iki-ýeke dogry sözliň daşynda,
diýseň synag bir, ikiniň, üçüň däl,
garryň, ýaşyň, aýal-gyzyň başynda,
Alla bardyr diýip, dilde imanly,
ýüreginde müňkür bolan mähelle,
biri-birin satýar indi gyssanyp,
itýär bolsa gazylmadyk çukura,
hem yzyny gömjek bolýar, sylagy
il-güne däl, özüne-de galmadyk,
ýykandan soň ýatyp, üstüne dagy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024