Nesibe halky
Çagasyny eklemäge kyn günde,
çörek gazanmaga gelipdir adam,
goňşusyna çozan ýurda yrsarap,
kanuny, kadasy erteki mydam,
basyp almak din-imany, adaty,
türme bolan ýurda gelipdir adam,
başgany däl, sylamadyk özüni,
okamandyr, diňlemändir hiç habar,
aýan ýaly gulagyny, gözüni...
Gelipdir ol, bir aýlykmyş wizasy,
ne dil bilýär, ne ýol bilýär, zor bilen
urşa sürlen raýatdan habarsyz,
habarsyz ol açlygyndan esgeriň,
düşeginden öň hatara taşlanan,
habarsyz ol unitazly kyssadan,
ýa bu gowga haçan, niçik başlanan,
nesibedir diýip gelipdir ili
gaçýan ülkä bir, iki däl, ýüz müňläp,
öýüni, emlägin, işini taşlap,
öň maslahat soramagy bilmedik,
indi akyl gerek, jaň etseň diýýär,
näme diýip, aýdyp bolar adama,
söz tapmak kyn iki, üç däl, on müň däl.
millet özün gorpa atsa dat, aman!