Öňki pedagogyň aýdany
Eger adam ünji etse, üýşense,
gorksa mydam işden kowarlar diýip,
ýa dalarlar diýip ýüzüm ýygnakda,
pikir eder diňe 'ýalňyş' goýbermän,
'säwlik' etmän gaýtjak bolup işinden,
pikirini aýtjak bolmaz aç-açan,
susar, busar, gaçar gepden, gürrüňden,
bir ynanjy – diňe gutular gaçan,
goşant goşjak bolmaz umumy işe,
töwekgellik etmez, galdyrmaz elin,
mende şeýle idea bar, pikir bar
diýip jedelleşmez, ynanmaz kimsä,
ýaranjaňlyk eder, ýalançy bolar,
başlyk näme diýse, bar ýerin atar,
başgany däl, ilki öz-özün satar,
ýere degrip, baha dawasy bolmaz,
sebäbi özüne sylag-hormatyn,
açar ýaly, ýitirendir bir ýerde,
rahaty bolmaz, bolmaz huzury,
ýigrener ol baran ýerini, özün,
eger adam gorkup gitse işine,
gara eder günde ýuwýan ak ýüzün.