Çeroki dogasy
Çerokiler ýaly doga edýärin,
dileg edýän käte tokaýa gidip,
akar suwa diýýän tapyş sen tärin,
ata-babam, ýagşylaryň ruhy,
ýardam etsin elmydama, jylawla,
gygyrmaýyn, gatalmaýan sesimi,
deň bolmaýyn aýyplana, aglana,
jogap berjek bolup peýdasy ýokka,
hakykatym eşitjege ýeterlik,
ýowaş, ýöne örän açyk aýdaýyn,
ýa diňläýin beýlekiler gürlände,
sesin basjak bolup gyssanman, gyzman,
açyk pikir, sowuk akyl biläni,
hem ýadymdan çykarmaýan hiç haçan,
asudalyk tapylýandyr gohda däl,
ümsümlikde, birçak baş alyp gaçan.