Öýdäki gülki
Köşk gurarlar talanan,
gan-derinden milletiň,
güýçli görünmek üçin,
soň tutarlar uly toý,
kemakyl oýlap, biçip,
ekin ekýän, mal bakýan
kiçi duýmaly özün,
beýik diýip iň pese,
gygyrmaly uzak gün,
ýa sedasyz bolmaly,
çagyrylsa, dereje,
depder alyp gelmeli,
galam alyp gelmeli,
näme diýse gürleýän,
ýazan bolup, aglaýan,
öýe gelip gülmeli.