Döwletler azanda
Erkek adam, aýal adam, hünärli,
ýa hünärsiz gazanmaly çöregin,
hiç bir jandar iýmän ýaşap bilmeýär,
üstesine eklemeli çagasyn,
ýa-da ene-atasy bar aýlygy
zordan ýetýän çaýy bilen çörege,
ýa aýlyksyz, pensesine gülmeli,
döwlet bolsa ogry-jümriň elinde,
işsiz gidip, pul gazanyp gelmeli...
Olar kemsidilmä kaýyl bolýarlar,
agyr işde, diňe sekiz sagat däl,
iş beriji bolsa ynsaply biraz,
Alla diýip, kiçi dilinden bärde,
talamasa ejiz erkek, naçary,
hudaý beren erkin elinden alyp,
alajy ýok, gan derini dökmeli,
ýöne indi bilýär dünýä düşünen,
ýat illerde aýagasty etmekden
lezzet alýan ýetik musulman bolup,
ýa-da bolup hristian, beýleki,
din-imana her kim özüçe uýýar,
ol birlerin belli çäkde saklasa,
haky dil çolagy edinýär haýýar.
Adam gidýär, gelip bilmeýär yza,
öňünde dur doýmaz-dolmaz ildeşi,
kakasy bazardan gelýän mysaly,
ýa ejesi gelýän ýaly dükandan,
adamlaryň hukugyny goraman,
başga-başga soraglary soraýan,
terrorçy döwletiň aýlygyn alyp,
dowul salyp ulus-ile başarsa,
emel ýeten azda bolsa köp bolar,
kime jan bor, kime ýag bolar gaýgy,
ýyykylan, aglany görmezler olar.