Terrory gowy görseň
Frederik Douglasyň äheňinde
Hiç bir adam özi ýaly adamyň
aýagyna zynjyr salmaz ap-aňsat,
ahyrynda onuň beýleki ujun
öz boýnuna syrtmak edip dakmazdan,
sen adamy ýesir aldym, kemsitdim,
ýa gorkuzdym diýip begenme, gülme,
eden ýaly ullakan iş gaçanda,
başyn alyp ýat illere, mysapyr,
yzyn ýatlap, ýaralaryn açanda,
düşünmedik bolma derdine iliň,
Alla berýär diýme gullary maňa,
galar diýme olar elmydam sessiz,
häzir terror bedewiniň jylawyn
tutup, otursaň-da altyn eýerde,
ol gün geler, birden aýylar essiň,
ýöne gowy görseň, ýaşa hederde.