Derejejan
Adam mertebesi, dereje diýseň,
ýa-da millet kemsidilmän, deň bolup,
il deňinde adam ýaly ýaşasyn,
okasyn, işlesin, döretsin diýseň,
sözüň aýtsaň orta çykyp, bukulman,
golsuz arza ýazman, töhmetden doly,
diňe polis, prokuror, KGB,
kazylar däl, ýazyjylar, şahyrlar,
kitap ýazan, döşi orden-medally,
žurnalistler, galam bolan ýaragy,
üstesine doganlaryň, gardaşyň,
düýn-öňňunam duz iýişen dostlaryň,
arkadaşyň iýjek gara başyňy,
gaçsaň, ýat illerde ýarman ýatsaň,
gyzgan bilen süpür diýýär ýaşyňy...