Surat

Nesihat

Sen olardan biri bolma, baý bolsun,
beg bolsunlar hile bilen, al bilen,
ýa bolsunlar garyp-gasar garaşyp,
Alladandyr diýip, talasa döwlet,
söz berseler, durmasalar sözde soň,
geçir, bu diý öz işiňiz, elbetde,
ýöne düşme bu derejä hiç haçan,
bu olaryň saýlan ýoly, özüne,
niýetine laýyk görüp, seňki däl,
goý, her näçe gahar etseň, gynansaň,
ýüregiň agyrsa, agyrsa kelläň,
olar ýaly arly bolma örtenip,
öýe-kine bilen düşme aşaga,
ýesir bolma el galdyryp ýigrenje,
has gowy bol, has kanagat, sabyr et,
lapykeçlik, agzy kepäp aglasyn,
suwa ýakma içiňdäki igenji,
ar alyş bu, belki, käte bilgeşlin,
ýa başga zat, düşündirip bolmaýan,
ýöne bolsun adam bolan adama,
zyýan däl-de, diňe peýda, mertebe,
düzüw adam düşmez aşak görnetin,
galmaz galyň ýüzli bilen gol berip,
başgalary basmak bolmaz niýeti...

Diňe ýaralanyp, ýolun ýitiren,
(bilýärin men nämedigini ýaranyň!),
başy çaşan agyrtjak bor özgäni,
sen olardan biri bolma hiç haçan,
diňe sapak edin atsalar badak,
bu bir danaň sözi, ýurdundan gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024