Garadag
Demokritiň äheňinde
Diňe biri gürläninde adamyň,
ýa birleri, beýlekiler basylyp,
gürrüňde bolmasa deňlik, dereje,
mally bolan, ýa-da bolan emelli,
beýleki tarapa bermese gezek,
diňe özün mamla bilse gaýtalap,
hemle bilen, ýa başgarak ýol bilen,
agyz dyksa, göz baglasa, garadag
gögi bezän bulutdan-da agarsa,
eşitmese aşakdaky pahyrlar
elin bulap, gije-gündiz bagyrsa,
bu gürrüň däl niýetlenen bar kişä,
ol biriniň doýmaz-dolmaz açlygy,
beýlekiler diňe bolmaly düşek...