Ynanma
Ýurt içinde, daşynda
ejiz saýýan özüni,
ilki urup, aglaýan,
ýa oýnaýan pidany,
aljagyny bilende,
üzeňňiden üç geçýän,
ynanmaýan dinindan,
karmadan kasam içýän,
goý, kim bolsun, ynanma,
doganyň ýa dolanan,
daýy-ýegen, dost-ýaryň,
ýa-da tanyş, mysapyr,
dili gulaç, sypynsa
gybat eder ýeňsäňden,
çala gülse güneşi,
ýüzüň dalar, düýn-oňňun
agam diýen pes kişi,
sen ynanma ejiz men,
güýçsüz diýse adama,
ejizdir ol, hakyky,
Alla ýetsin dadyna.
Goý, garaşsyn hudaýdan,
ýokarda gülýän, belki,
akyl-huşy ýerinde,
el-aýagy sag bolsa,
geplemeli bolanda,
gepin tapyp bilmeýän,
soň zeýrenýän, başgalar
dolamaly daşyny,
emel ýetse, daýansa,
özi çaran başyny,
ýöne uzak gitmejek,
görüldi kän, bäş-üç däl,
atdan düşse, ýykylsa,
jübä sygýan, bir gysym
düýnki bege ynanma,
diplom alan, dil bilýän,
ejiz saýýan özüni,
wah, kanun ýok diýse-de,
wah, ýok diýse adalat,
adalatyň ýolunda
baş goýana güler ol,
sen gol berme ýok äre,
diri wagty öler ol.