Saýlanan ykbal
Pikirleriň ykbalyňdyr,
duşman diýme olam maňa,
duşman diýme bulam maňa,
duşman bolar pikir etseň,
ýa ynansaň howsalaňa,
güman, belli, aýyryp ýör
adam baryn imanyndan,
erbet pikir etme mydam,
sözi bilen, işi bilen,
uzak gitmez, tanadar är,
ýa-da aýal, parhy näme,
synla, seret, düşünjek bol,
ynanmasaň, çekeräk dur,
ýüzün açar bet niýetli,
ýöne müňkür bolma hemmä,
girrik bolma iň esasy,
bolma arly, öçli asla,
öz-özüňi edip hasssa,
çaga ýaly, uly adam,
ýara salma emip emmä!
Urar durmuş agzyň diýmän,
ýüzüň diýmän, öçli bolsaň,
kitüw bolsaň durşuň bilen,
kine bolsaň, özüň iýip,
pikirleriň ykbalyňdyr,
özüňden gör ýolda galsaň.