Surat

Hasap

Hasaby bar her sözüň,
her sözlemiň, aýdaňda,
çap edeňde gol çekip,
her setiriň yzynda
näme diýdiň, diýmediň,
hasap sorar adamlar,
ar alarlar, sylag ýa
kiçi dilden sag boluň
ýetirmezler, garaşma,
şondan dymýar adamlar,
gorkup, busup ýaşaýar,
geçýär ýüzün görkezmän,
ýa görkezse, ýalandan
dostuň bolup ýylgyrýar,
begen gyzyp özüni
kitap ýaly açýana,
erbet oýnap rolun,
hasaby bar durmuşyň,
gömme özüň, öz ýoluň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024