Surat

KGB kesbi

Tejengrad KGB-si,
doganlaryň ýesir alyp,
ýegenleriň ýesir alyp,
ýesir alyp dosty-ýaryň,
obadaşyň, tanyş-biliş,
ezer soňsuz aglak ili,
oýnun oýnar bolşewigiň,
oýnun oýnar kommunistiň,
gana bulap niýetini,
gorkar, gije ýatyp bimez,
daşdan gelen ýagy üçin,
topy bardyr, atyp bilmez.

Ýurt çapylar içden, daşdan,
goramaga gaýraty ýok,
ýöne ownuk ogurlykdan
iki ýa üç paýyn alar,
galan-gaçan näme bolsa,
düýpi deşik jübe salar,
beýtme diýseň, haýbat atar,
ele ile zady alyp,
nusgadyr ol bütin dünýä
kümsüklikde, hile salyp,
başgany däl, özün aldar,
Tejengrad KGB-si
ýurdy düýpsüz guýa sallar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024