Pahyr

Adam, daşy guramadyk, neresse,
ýüňi ýeten kazy bolup bireýýäm,
o birine dinsiz diýip dyzaýar
bu birine dinli diýip dyzaýar,
başga bolsa, ýa bolmasa ynanjy,
puly, maly oýun ýaly dünýäniň,
adam bolsaň bolýan böwrüňde sanjy,
haçan, nirde öwrenipdir bu käri,
gargaýar ol, bellisi ýok, kimlere,
garalaýar, ak ýerini goýmaýar,
özüm näme, bilýärinmi kimdigim,
ili nirden tanaýyn men diýmeýär,
ýa bilmeýär ile näme bolanyn,
ýöne bilen bolýar, gynançly örän,
din-imany, kime aýan, kime syr,
bu dünýäni, o dünýäni, boljagy,
doýa garny doýman ulalan çaga,
kemsidilen, öýke-kine urupdyr,
bolan bolýar indi ulalan, aga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024