Durmuş derýasy
Durmuş derýa, akyp barýan,
käte pessaý, käte däli,
içmeli sen suwun onuň,
geçmeli sen köpri tapyp,
ýa gaýykly, ýa-da ýüzüp,
buzly suwa urup käte,
gerek bolsa, alajyň ýok,
gyrasynda durman bakyp,
geçirmejek, gark etjek kän,
ýitsin, gitsin diýip akyp,
daş zyňsalar dogan, gardaş,
agaç zyňsa beýlekisi,
arkadaşlar, ýa tanyşlar,
ýa nätanyş, aslyşsalar,
gaty görme, her kim baryn
berermişin, artygyn däl,
durmuş derýa, akýan batly,
bizi günde çagyrýan käl.