Umumy dert
Eger-de sen derdiň bilip,
dermanyny bilmän galsaň,
ýa-da bilip, o dermana
puluň ýetmän, alman galsaň,
oňa derek pal atdyrsaň,
ýa tebipden sorasaň em,
ýa-da diýseň diýmesizi:
'Aý, men öljek, gutuljak däl',
ýa-da iýseň iýmesizi,
bir gezek däl, üst-üstüne,
içseň içen bilen durup,
çekseň çeken bilen baryp,
ýa zeýrenseň, senden başga
bütin dünýä günäkär dek,
bu belli zat, gutulmarsyň,
üstesine, ternaw ýaly,
suwdan dolan ýagyş ýagyp,
ýaprak basan için, belki,
dökülersiň il üstüne,
günäsi bar, günäsi ýok,
ýöne ilem seniň ýaly,
derdin bilen ýa bilmedik,
seň üstüňe çogar bir gün,
ýa-da gelip bogar bir gün,
ýa arkaňdan pyçak urar,
ýa-da kakar aýagyňa,
ýa-da bular ýüregiňi,
nirede pes gybat tapyp,
öz-özüni bejermedik,
öz-özüniň gözün gapyp,
gorpa tarap barýar assa,
bu igenç däl, kine-de däl,
men hassamy, senem hassa.