Betbagtlygyň gözbaşy
Olar ilki seni gülünýän adam,
ýaňsylanýan adam etjek bolarlar,
kesä çeken bolup sözüňi, işiň,
bilmeýäniň bilseň, çekilseň gyra,
ýa başyňy sallap, otursaň aşak,
ýylgyrylýan adam etjek bolarlar,
ýa dymarlar, sen ýokmuşyň, hamala,
o bolmasa, mamla çyksaň, urulsaň,
ýa ýanalsaň, döwlet geçirip bilmän,
görmezlige salyp birmän kän uzak,
entedilseň, gazetlerde dalansaň,
hüjüm etse üzeňňiňden üç geçen,
düýn-oňňunam duzuň iýen kärdeşler,
arka diräp eli ganly partiýa,
çagalaryň soran borlar köçede,
gynanylýan adam etjek bolarlar,
ýöne oýun, uly ili çökeren,
diňe seniň başyň iýmän, ulalsa,
sorag bolsa uly, kiçiň ykbaly,
işiň etseň, galamyňy taşlaman,
olar seni eger-eger, hiç haçan
guwanylýan adam etjek bolmazlar,
belki, şudur betbagtlygyň gözbaşy,
olar bile öňe gitjek bolmazlar...