Surat

Adam oýny

Sen baş egip, gelenine seretme,
ýa mylaýym bolanyna seretme,
seretme sen gülenine naýynjar,
ýalňyz bolsa, başyn aşak sallasa,
pikir etme gol gowşursa gyrada,
salyhatly, utanç-haýaly diýip,
ýer tutansoň aýaklary birneme,
ýa-da görse niýetiň ak, kastyň ýok,
ar alaňok içigara, öçlüden,
ýa ýagdaýyň peselenin çaklasa,
ýa ýapyşan şahaň görünse inçe,
görkezer ol, açar ýüzün gyssanmaç,
sen baş egip gelen bolsa ýylgyryp,
geň galma soň bolup çyksa arly, aç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024