Surat

Çig ýaşaýyş

Arada birisi käýindi gyzyp,
seniň ata-babalaryň asyrlap,
açlyga, horluga döz gelip, ozup,
yza galman hiç tireden, taýpadan,
üstesine ýat däl, hut özi bolup,
aty bilen, goýun-geçisi bilen,
müň keseliň emin tapyp, gutulyp,
uruş-gowga çydap, göçüp wagtynda,
ýa syýasat, din-imanyn täzeläp,
durşy bilen bolup trawma, hasrat,
aýdym-sazda için döküp, käkeläp,
aman galan däldir doguryp seni,
bu gün biri internetde eý diýdi,
beýle diýdi diýip köçede agşam,
jibir-jibir edip zeýrenmek üçin,
düşün, eger gyzýan bolsaň kemsitmä,
ownuk-uşak, gülüp gitmeli diňe,
gahar etseň gürrüňine her gojaň,
ýa oglanyň, bilmän dyzaýan öňe,
akyl-huşuň ýerinde däl o diýen,
ýa bileňok öz agramyň, derejäň,
ýokarrakdan seretmegiň ýerine,
baryp hapasyna basýarsyň köçäň...

Ýok, beýle däl diýdi beýleki biri,
sen dökülseň, ýa-da çogsaň süýt ýaly,
gyzgyn plitada goýlan gyssanmaç,
çagalara bermek üçin ir säher,
internet däl, ata-baba trawma,
damarda, geniňde saklanan zäher,
käte seni çykarýar-da çägiňden,
öz aýagyň aşagyna taşlaýar,
seret, synla, tana diýýän mysaly,
bu bolmaly, gutulgusyz zat, belki,
adam diňe gelşi ýaly ýaşaýar,
ýaşamaýar bilip, düşünip ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024