Surat

Durmuş pyýalasy

Her çöp bilen, ýa çör bilen çolaşman,
tigir sürüp dagda, düzde, tokaýda,
her agajyň arkasynda bir duşman,
ýa kölege görmän, ýykylman oýda,
ekinleriň gyrasynda giçden soň,
ýodajyklar palçyk dälkä, guruka,
it gezidrýän goňşulara baş atyp,
salam berse, salam berip ylgana,
uly, kiçi, bütin maşgala bolup,
ýoly tutan bolsa tigirli kerwen,
sowulyp, garaşsaň sagbolsun alyp,
dynç alarsyň ada-kände düşüşip,
hözirini görüp nurana tomsuň,
ýagyş ýagan güni gynanyp biraz,
ýetip gelýän güýzi guçarsyň gözde,
ir-iýmişi bilen şahadan gaçan,
diňe tänen ýaprak däldir sapagy,
ertir hökman tänjegiňi ýatladyp,
mesele – reňki durmuşyň, belki,
dürli-dürli, birmeňzeş däl hiç haçan,
sen esasy öwrenmeli zyňylman,
her daş bilen tekeriňe aslyşan,
dagy, düzi, tokaýlary geçmeli,
bu bir durmuş pyýalasy, öwreder
suwy haçan, nirde üfläp içmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024