Bigünä asy
Eýranda-da adam aklanyp bilýär,
ölüm jezasyny berýän mugtuna,
hem ýokardan asyp goýýan göz edip,
beren ýaly alýan adamyň janyn,
Alla bolan bolup oýnaýan döwlet,
günäsizmiz kürsi ýetse ullakan,
nätsin adam, ýaşamaly dogulsa,
döwletini, ýurdun saýlap almaýar,
şükür etdik, dogulmadyk ol ýerde,
goňşy ýurtda, türkmeniň hem watany,
Eýranda-da adam aklanyp bilýär,
tutýan diýýän her bir watan satany,
ölüm jezasyndan gutulýar adam,
ýogsa düýnem asylmaly asydy,
emma bizde edilmeýär beýle zat,
günäli sen, bigünä sen müň gezek,
aklanmarsyň, eşitmedik, dat-bidat,
ýöne toba etseň, gara başyňy
para bilen, peşgeş bilen, belki-de,
ýa özüň garalap, alyp bilersiň,
öýüňe sag-aman gelip bilersiň,
ýöne uzak galsaň duluňda, bir gün
has uly çeňňege ilip bilersiň.