Surat

Türkmençilik

Rehim ýok, şepagat ýok adama,
her näme et, ýaranmarsyň, ozaly
çekeräk dur doganyňdan, dostuňdan,
açgöz hany, KGB-ni, kazyny,
ýolda duran papaklyny goýaly,
goýaly serhetde duran garyby,
gümrükçini, salgytçyny, beýleki
emel ýeten agzy ýetse gemirjek,
bile okan, bolan bolan pikirdeş,
näme barmyş diýip paýlaşmaz ýaly,
ölmän galan türkmen-ä biz bäş sany,
gatnaşalyň diýip saçakly günde,
dil tansyny edip ýurduň içinde,
ýat illerde, aýralykda, sürgünde
gapyl basyp, urar bir gün arkaňdan,
belki, ýazgyt, maýyp borsuň, ölmersiň,
rehim ýok, şepagat ýok adama,
gynanarsyň, gülkiň tutar, gülmersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024