Surat

Çaga bolmasaň

Çaga dälsiň, garry dälsiň,
näsag dälsiň, eger bolsaň,
ýatyp galsaň, başga gürrüň,
turmalysyň, durmalysyň
öz aýagyň üstünde sen,
atmalysyň öz hapaňy,
dökän-saçan edip gitmän,
içiň gara, ýüzüň çyrşak,
bu-da geçer diýip ýatman,
barmalysyň nähäk töhmet
atylanda başgalara,
talananda garyp iliň,
ýa itilse gara gorpa,
bilmez, görmez oýnun goýup,
durmalysyň ‘bolmaz’ diýip,
ýok, barmasaň, görümeseň,
soň, uzakdan akyl satma,
ýa-da satsaň, geçer diýip
umyt etme gymmat, gowy,
hiç söweşmän ýa-da goldap,
gaýtaran ýok gelen ýowy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024