Ilim diýýän
Hawa, Hudaýberdi Allaşow öldi,
indi siziň giňejekmi ýeriňiz,
ýa günüňiz has rahat boljakmy,
gaýgylydy, wah, gamlydy nije ýyl,
indi çytyk ýüzleriňiz güljekmi?..
Hawa, Hudaýberdi Allaşow öldi,
indi ýurduň habarlary çykmazmy,
ýaýramazmy, bilinmezmi bolýan iş,
ýa gazetler okaljakmy ýapyrlyp,
ýa-da TW-ä ynanjakmy jemagat,
millet gülüp, bar ýalany guçarmy,
ýa güýçlenip ýurt ýykanlar, mätäçler
has köpelip, ýat illere gaçarmy?
Hawa, Hudaýberdi Allaşow öldi,
gitdi ejesiniň yzyndan ahyr,
ýetim goýup çagalaryn, aýaly
nädip ýaşamaly, ýa-da il pahyr
sizi indi sylajakmy has artyk,
ýa dogurjak başga birin gerçegiň,
busup ýa-da susup ýaşap bilmejek,
siz bilýäňiz, gutarmajak işiňiz,
ilim diýýän ýene geljek, ölmejek!