Näme üçin?
Näme üçin köçe çukurda-sukur,
adam ölýär, hasaby ýok, sany ýok,
näme üçin çörek nobaty uly,
näme üçin ýerli iliň nany ýok?
Näme üçin gowy çagalar bagy,
gowy mekdep para-peşgeşli bolýar,
näme üçin magaryfçy ownady,
näme üçin girmek kyn boldy işe,
näme üçin ýat illere gitmeli,
çagalaryn goýup adamlar yzda,
näme üçin gelejek ýok, umyt az,
yzdan gelýän tämiz oglanda, gyzda?..
Näme üçin adalat ýok hiç ýerde,
näme üçin işlemeýär kanunlar,
sebäbi adamlar gülýär, aglaman,
ses etmeli ýerde, ähli mesele
olara dahylsyz, dahylly başga,
ugrun tapyp, çykanlara ýokaryk,
olar basgylasa aýaly, gyzy,
erkekleri neşä, araga itse,
soň geçirse türmesinden döwletiň,
açlygyň, zorlugyň ulusy öňde,
şükür ediň diýse dilde däl, işde,
hiç kim ynanmasa biri-birine,
gorkup tursa günde surnugyp düýşde,
durmuşyndan, güzerandan basylsa,
näme üçin diýip sorap bilmese,
ýüp gerek däl ile, dardan asylsa.