Surat

Adam haky

Dulda telewizor ýalan sözlese,
il derdinden sowlup geçip her agşam,
radio, gazet, žurnallar ertir
gaýtalasa şol ýalany, adamlar,
bilip ýa-da bilmän, gülýärler oňa,
aglamaly güni barka milletiň,
bu bir adat, bolmaly zat mysaly,
ýa ýok ýaly edip boljak hiç bir iş,
meger, şeýdip beterleşýär ahwaly,
aýdýan, diýýän, düşündirýän gerek däl,
gerek diňe boş gürrüňler, warsaky,
iň esasy agyrmasyn kelleler,
soňra gülki bolýar adamyň haky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024