Ritoriki sorag
Basyp aljak bolsaň malyn başganyň,
keýpi-sapa diken bolsaň niýetiň,
basgylajak bolsaň iliň namysyn,
wezipäňe, gara güýje daýanyp,
ýa daýanyp kanunlara, tersine
unalylýan, batgalykda basmaga,
diňe gerek hasaplaňda özüňe,
ýüp edinip garşydaşyň asmaga,
saňa adalatyň geregi ýokdur,
sahawatyň derkary ýok hiç hili,
ýöne biraz gorkýan ýaly kämahal,
arasynda hajy bolup, gülýärsiň,
gözüňe ýaş aýlan bolup ýalandan,
ýa-da daşlap çep eliňde şeýtany,
sag eliňi goýan bolup Gurhana,
soň diýdirip adalatly gazetde,
ýa-da sahawatly diýdirip, ili,
soýmak näme, goýmak näme ezýetde,
nädip bilmezlige salyp bilýärsiň,
nädip görmezlige salyp bilýärsiň,
ýa-da başga dünýädemi sen indi,
bolmajakmy, gelmejekmi soňky gün,
ýa-da ýokmy seniň üçin ikindi?..