Surat

Seniň borjuň

Eger sözüň, sözlemiňi kesseler,
gutarmankaň pikiriňi, gyssanyp,
ýa gysganyp giň meýdany, adam bar -
bahyllyk bar, bu bir kada, bolýan zat,
mamla borsuň, ýa bimamla, her adam
diňe öz gözünden yşyklar, görer,
wezipeli, wezipesiz, parhy ýok,
kim galmaýar basgançakdan ýokaryk,
ýa-da galýar iň aşakda, sabyr et,
ne sanaş, ne pesel, dişle diliňi,
düşme aşak düşenleriň deňine,
basjak bolma hemleliniň sesini,
başga ýana çekýän sözüň manysyn,
bilmese-de sözlem näme, söz näme,
goý, kiçeltjek bolýan kiçelden bolsun,
belki-de ynajalar, giňär azajyk,
subut etjek bolma, bolsaň-da mamla,
goý özüne adamlary, gorkusy,
ýa gaýgysy bilen ikiçäk, ýeke,
uly ýoldan, bile gidip bilmeseň,
ýoda ýasan, ýoluň dowam et çeke.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024