Gara iş
Ýetim ösen, içi kineden doly,
kemsidilen, aç ulalan, ölýänçä
müňkürlikden çykyp bilmän kösenen,
gara basyp, gorkup turan gijeler,
ikiýüzli ýaşan ýaşan ýaşyny,
taryhy pursatda, şeriň şalygy
ýykylanda, yrgylanda iň bolman,
öz şalygyn gurjak bolup milleti
itdi aşak, öz deňinden geçirip,
okamasyn diýdi, bilmesin diýdi,
mätäç bolsun, bolsun diýdi neşekeş,
ýa ýigrensin biri-birin elmydam,
adamy adama ynanmaz ýaly,
ogry edip, jümri edip, garalap,
diýip diňe maňa eli ýetmesin,
döwran sürdi öz ilini ýaralap...
Ýetim ösen, içi ahmyrdan doly,
ýalan gülüp, ýalan aglap, ilini,
ozal artyk güni bar dek gül ýaly,
maýyp etdi zyndanlardan geçirip,
ýapdy işin, ýykdy jaýyn başarsa,
para berip okar ýaly okasa,
para berip işlär ýaly işlese,
göni garap bilmez ýaly aýnada
müýnden doly gözleriniň içine,
kaýyl etdi bilse ili geçinip,
soň yzyndan geldi beteri, ýetim
öldi, emma goýup gitdi öjüni.
Şeýdip dogdy täze, ýetim jemagat,
bolşewigiň ýetimleri az ýaly,
ýa az ýaly Staliniň ýetimi,
ýa ýetimi uruşlaryň, gowganyň,
soň gelenler ene-ataly, ýöne
gara işi dowam edýär o hanyň.