Il seçgisi
Öz-özüni görýänçä il,
öz gözlerin, içi bilen,
öz ýüzüni görýänçä il,
öz sözüne düşünýänçä,
ynanýança oňa, belki,
saýlaýança özün diňe,
hem görmegi ýüzün diňe
aýnada däl, hakykatda,
gaçalagy, sapalagy
taşlaýança bir gyra ol,
özün aldap gezmegi däl,
ili aldap gezmegi däl,
saýlaýança kabul edip,
sazlaşygy özi bilen,
inkär etmän asyl durkun,
aý-ýyllaryn ýele sowrup
ýaşamagy ýalan, asy
bes edýänçä ýoly uzak,
duzakda il gözün ýumsa,
duşan, belki, öz aýagyn,
düýe bakýan gözün görse,
salmaz oňa öç taýagyn,
soň özüne degjek bir gün,
öz-özüni görýänçä il,
öz-özüni eder sürgün.