Halk we han
Halka görä hany bolar,
hana görä bolar nöker,
çapar olar ili bile,
ezer ejiz, naçarlary,
aýtjak bolsaň, başyn ýaýkap,
'ýok, beýle däl' diýer millet,
hem sesini peselder ol,
'günä handa, günä handa',
ýöne muny aýdýan wagty
diýer 'gulak bar-da tamda'...