Argynlyk

Şeýle bir ýadawlyk gelýär kämahal,
ýüz eli ýyl ýörän ýaly dynç alman,
şol bir ýoldan, ýetjek bolup menzile,
ýoluň gyrasynda daş görsem ykjam,
oturaýyn diýýän üstünde baryp,
ýa saýaly agaç duşsa, gyşaryp,
aşagynda biraz demim alaýyn,
emma bu bir hyýal, elimde galam,
gaçýança ýazmaly, ýazylan, belki,
maňlaýyma, dogulmankam, galamsyz,
şeýle bir argynlyk basýar kämahal,
ýa ýaşaýyş ýokmy gaýgysyz, gamsyz?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024