Duşmanyňy gaýtalama
Sen duşmanyň ýaly bolma,
nusga alma ondan asla,
gaýtalama onuň ýolun,
ýa-da alyn, hilesini,
dönük diýse ýeňlip saňa,
dönük diýme dönüp oňa,
aşak düşme onuň ýaly.
ýa gargasa yzdan, nälet
sözlerini gaýtalama,
göçürme sen duşmanyňdan,
öý işleriň özüň işle,
özüň bolup git okuwa,
ýa-da işe, bu durmuşyň,
ýa göreşiň manysy ýok
gaýtalasaň duşmanyňy,
ýigreneniň bolsaň özüň,
nämä gerek ownuk gürrüň,
nämä gerek pisi sözüň?