Gorkystan
Gorkmaz ýaly bolmady,
kim kimi nirde satar,
kim kimi nirde atar,
ata, ogul, dosty-ýar,
biri-birinden hatar,
kimiň ary, namysy
ýele gider bir günde,
kimiň ady kül bolar,
kimiň ödi ýarylar,
gorkýar bary, hemmesi,
bildirmedik bolsa-da,
bilýär näme boljagyn,
näme boldy düýn-öňňun,
nirden çykdy beg bolan,
nirden çykdy baý bolan,
on-ýigrimi aýally,
gorkystan gülleýär,
her güni hile-ally,
hemem hiç kim bilmeýär
näme bolar birigün
bege, baýa, gedaýa,
gorky boldy din-iman,
ynam galman hudaýa...