Mugt derman

Men bu emi mugt berýärin,
melhem sözi, derman alýan,
pulun sanap, ýetmese-de,
bitmese-de hiç ýarasy,
ýa-da derdi, egsilmeýän
aladadan ýagyr bolan,
mejbur bolan unutmaga,
terk etmäge öz-özlügin,
öz ýanyndan aýrylan il,
görüp bilmän goşgy, gazal,
gaýgy-gamdan maýrylan il,
hassa diýsem, gaty görjek,
menem hassa, ýöne özüm
goşgy bilen bejerýärin,
bejerýärin aýdym bilen,
sazlar bilen, içden gelen,
güýç berýärin öz-özüme,
itip gorky, ürküleri,
kazylara aňyrrak dur,
garalawça diýýärin bes,
içimdäki müňkür-nekir
soragyna diýýärin kes,
sesiň iýdi gulagymy,
oýnajak däl indi mekir,
köp bileniň roluny,
ejizligim kuwwat bolup,
aýdylmadyk aýdymlarym
aýdyp berýän özüme men,
men bu emi mugt berýärin,
al, peýdalan diýip ildeş,
bejer diýip öz-özüňi,
bu bir melhem, görüp bilmek,
ýa eşitmek öz sözüňi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024