Bir maslahat

Ýykylmagyň durmuşda
bir sebäbi dost-ýaryň
aýdanlaryn diňlemek,
ýa-da çykyp bilmezlik
ene-ataň sözünden,
ýa aýalyň gepinden,
ýanýoldaşyň, telpekli
diňlemeli, elbetde,
ýa çagalar bar diýip,
ýa goňşular, obadaş,
näme diýer ildeşler,
gorkup ýaşamak mydam,
diýer iller enteseň,
diňlemediň bizi hiç,
emma bolsaň rowaç,
sen gereksiň elmydam,
gapyň kakar diýmän giç,
ýa-da irden jaň eder,
ähli işiň goýmaly,
soň çekseler çekmeli,
ýa ýatmaly kän içip,
sora, oglan, özüňden,
ýaşaýarsyň kim üçin?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024