Iliň oda taşlananda

Adyň ojar, sazak bolar,
gandym bolar, çerkez bolar,
ýa-da ýowşan, dermanlyk çöp,
şükür, peşmek dakmandyrlar,
ýa-da kekre, gizlän bolup,
allan bolup aldajyny,
galsyn diýip çaga diri,
ýa arapdan, parsdan gelen
at dakarlar, gowy görüp,
ýa-da bilmän manysyny,
tapawudy bolmaz munuň,
il diýilýän öýde dogsaň,
sylamaly iliň diýip,
goramaly diýip şerden,
ynanç bolsa ýüregiňde,
iliň oda taşlananda,
ýa itilse gara tüme,
hiç gerek däl ýangyç sepmek,
sen ýanarsyň şatyr-şatyr,
gözüň ýumup, bilmän ýatyp,
tomaşaçy güler daşdan,
ýa garaşar bije atyp,
gör, bakaly, näder indi,
aýt sözüňi, dymma, oglan,
bolmazdan öň Gün ikindi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024