Durmuş synagy
Durmuş seni uranda,
maşyn ýaly, köçeden
zyňylaňda çöplüge,
bulaşaňda palçyga,
ýa galaňda müçügip,
galyp bilmän ýeriňden,
aýdylşy dek öň zaman,
näme bolsa içiňde,
bolan zadyň döküler,
öýke-bilen kinemi,
gahar bilen gazapmy,
ýa-da pida nalasy,
ýa ýigrenjiň ýatlara,
müňkürligiň ýakyna,
nadyllygyň dünýeden,
'jähennem bol dost, duşman,
hiç gözüme görünmäň',
gygyrarsyň, belki-de,
ýa güljekmi içiňden,
agyryňy ýaşyryp,
ýylgyrjakmy çalaja,
diýip 'şükür, ölmedim,
diri galdym ýene-de,
dikelerin, giderin,
galan işim ederin,
sag bol, Alla, goradyň,
eşidipsiň dilegim,
her gün medet soradym'...
Ýa açarsyň ymykly,
ýa gaçarsyň özüňden,
durmuş seni uranda,
tanar bilýän sözüňden...