Il işi
Il özüni urýana kömek edýär ikelläp,
il özüni gyrýana kömek edýär ikelläp,
aldaýana özüni başyn atýar ýylgyryp,
talaýana özüni kömek edýär el berip,
hökümet zor, dur diýse, gol gowşurup durýar ol,
sözi kanun, ur diýse, kakabaşy urýar ol,
ertir tutup günäde, iýjek bolsa – çilmeli,
türmä bassa, kemsitse, zorlasa-da razy,
para berýär getirip, dar ýerlere salýana,
zat diýmeýär igledip, şirin janyn alýana,
gybat edýär oturyp, goňşusy bar, dosty bar,
o birisi tutulsa, 'görkezmesin, daş etsin',
gerek bolsa, bolmasa, Alla, hudaý dilinde,
azat ýaly hamala, erki bar dek elinde,
bu gün tapsa ertirlik, öýlänligi gümana,
kömek edýär jemagat öldürýäne, bogýana,
diňe özün däl ýeke, ogul-gyzy janserek,
emma dymýar, diýmeli, aýtmalyny aýtmajak,
göni barýar ölüme, dolanmajak, gaýtmajak...