Seniň çykalgaň
Seniň terror döwletiniň öňünde,
bir çykalgaň, ýeke çykalgaň bardyr,
diňe güýçli bolmalysyň ölýänçäň,
bilip gelip dogry sözüň dagyna,
bolmajagyn dosty-ýaryň, doganyň,
çykalga däl bökmek uçut gaýadan,
daş çöplemek çykalga däl zyňmaga
zyňanlara zerurlygy, nep üçin,
sen bilýärsiň, oýnamaga gelmediň,
ýa gelmedik iki günlük gep üçin,
goý, özgeler näme diýse diýsinler,
ýa kim bilen näme iýse iýsinler,
sen bilýärsiň olar seniň pikiriň,
ýa-da gaýgyň edip bilmez hiç haçan,
diňe özün gaýgy eder ejizlän,
özi çukur gazyp, özüne gaçan...
Seniň terror döwletiniň öňünde,
bir çykalgaň, ýeke çykalgaň bardyr,
diňe güýçli bolmalysyň, özüňi
gara güýje gul bolana deňemän,
ýa garaşyyp, umyt edip başgadan,
pylan wagt dostum bolupdy diýip,
ýa-da diýip kän ýagşylyk edipdim,
garaşmak, ýitirmek ýaraşmaz wagtyň,
bilip durkaň adamlaryň şemala,
ýele giden peşmekdigin tans edip,
diňe özüň, özüň bilen kanagat,
diňe özüň, özüň bilen sabyr bol,
mätäç bolsaň, eseler il egsigi,
git diý gelse, çekil ýoldan, gabyr bol!
Düşündirme etjek işiň, niýetiň,
ýa aklajak bolma, garalanlara
gara diýip, zaýalama sözüňi,
gorkma ýeke galdym diýip jeňňelde,
çünki ýeke bolan gowudyr käte,
öz-özüne nepsiz ile goşulyp,
Garagumda guýyň gömlüp galandan,
düşün, başa iş düşende elmydam,
iň daş durar ýakyn bolan ýalandan,
diňe bir ýol, ýeke ýoluň bar seniň,
jogapkär sen, her bir äden ädimiň,
basan çöpüň, daşyň üçin, geçegçi
duýgulara arka berip gyssanmaç
karar etme gahar bilen, begenip,
ýa gynanyp karar etme, peselip,
eger-de sen depä çykarsaň kimi,
onuň başga alajy ýok, eselip,
has ýokardan aşak sereder saňa,
gören, bilen ähli zadyň agzyňdan
çyksa bir çykyp bilmersiň daňa...
Seniň terror döwletiniň öňünde,
bir çykalgaň, ýeke çykalgaň bardyr,
ertir bir gün ýüzüň gyzjak hiç işi,
egriligi etmeli däl hiç haçan,
etseň borsuň egri bilen egrije,
gitseň borsuň ogry bilen ogruja,
belki, birdem hezil edip ýaşarsyň,
ýöne soňy, erbet ýeri bar munuň,
özüň aldap, ili aldap oýnama,
odun bolma suw ýetmejek ýangyna!
Seniň terror döwletiniň öňünde,
bagt gözlemäň, tagt gözlemäň manysyz,
ikisi-de içiňdedir olaryň,
bergiň ýokdur seniň geçen ýoluňa,
bardyr diňe häzir barýan ýoluňa,
her ädip töläp, tňläp gitmeli,
düşünmeli, bilmelisiň ozaly,
seniň özüň päsgelçilik özüňe,
ýolda durup, badak atýan her sagat,
gaýgy etme, aýdypdyrlar müň gaýgy
gelip seniň bir möhümiň bitirmez,
gahar etme, goý, kim bolsun duşmanyň,
ýa garagyň gapyp, ýykmasyn ýigrenç,
diňe birje bedeniň bar, har etme,
ne kem bolsun, ne-de artyk, ýüküňi
ur özüňe, göter, galdyr, alyp git,
soňra berer bereniňi gaýtaryp,
gerek zadyň ýüregiňe salyp git.
Seniň terror döwletiniň öňünde,
ýeke ýoluň, bir çykalgaň bar diňe,
hakykaty aýdýan diýse men saňa,
kanun diýse her bir sözüm üýtgewsiz,
bilmelisiň, diňe ýalan sözleýän,
ýa-da ýoýýan kanunlary, kadany,
basyp alyp, dowzah edýär adamsyz,
düýn-öňňunam jennet bolan adany...