Adam nädip ýaşamaly?
Aýal nädip ýaşamaly,
erkek nädip ýaşamaly,
nädip ýaşamaly çaga,
nädip ýaşamaly garry,
emel ýeten, para berip,
gözi doýmaz, içi arly,
öýke-kine aldy ýurdy,
owal-ahyr görülmedik,
nirä gitdi il rysgaly,
gazanana berilmedik,
kimler boldy gelip tüçjar,
alyp gitdi uçar bilen,
zyndan boldy oba, şäher,
açylmaz hiç açar bilen.
Goý, gepleme diýýär aýal,
goý, gepleme diýýär erkek,
äkiderler tutup, şerde
ýeňjek ýokdur hökümeti,
çyda diýýär garry-gurty,
çagalaryň çörek diýýär,
ynanç gerek diýýär dinçi,
iman getir haka, soňsuz
doga-dileg et ir, säher,
gijesine sygyn Alla,
biribardan dile diňe,
adamlardan delime-de,
hem yza däl, seret öňe,
geçenleri ýatlama hiç,
ölen öler, galan galar,
hudaý görer bizi ir-giç...
Aýal nädip ýaşamaly,
erkek nädip ýaşamaly,
nädip ýaşamaly çaga,
nädip ýaşamaly garry,
garaşýar il gözün dikip,
sowulmazmy diýip arly,
öçli gelen il başyna,
azalmazy Alla diýsek,
el uranlar il aşyna?..
Aýlar geçýär, geçýär ýyllar,
agyr geçýär, ýykylany
alyp gidýär, belli nirä,
yzda galan dileg edýär,
doga edýär, jaýy jennet,
ýagty bolsun diýip günde,
ýöne gorkýar, açsa TW
ýene gürlär şol şermende,
nädip ýaşamaly oglan,
nädip ýaşamaly gyzlar,
islenmedik, 'ýalňyş' doglan...
Aýal nädip ýaşamly,
erkek nädip ýaşamaly,
nädip ýaşamaly çaga,
nädip ýaşamaly garry,
işi bolsun, ýa bolmasyn,
kömek puly, pensiýalar
suwa ýetmez, çaýa ýetmez,
ýat illerde üç iş işle,
ýeke, hütdük jaýa ýetmez,
çünki ýolda garakçylar,
garawullap otyr mydam,
ýok, gepleme diýýär daýyň,
ýok, gepleme diýýär gudaň,
hökümetiň eli uzyn,
nirde bolsaň, taýak salar,
buýruk berse, ýarany kän,
o ýurtlarda seni tutup alar...
Aýal nädip ýaşamaly,
erkek nädip ýaşamaly,
nädip ýaşamaly garry,
aý sanalgy, gün sanalgy,
nädip ýaşamaly çaga,
ýa bu şeýle bolmalymy,
gara diýip gara açyk,
ak diýmese millet aga?