Tohumlyk taýpa

O tohumlyk galjak ýigit,
bu tohumlyk galjak gözel,
boý-syraty gowy, tämiz
ýüzlerinde ýagtylyk kän,
gözlerinde giň okean,
senden gowy okan, belki,
ýa dil bilýär, gereklisin,
aksenti ýok, ene-ata
öwredipdir öňden görüp,
ýöne seniň ýaly turup,
aýdarly däl sözün olar,
şere garşy, il-ulusyň
arakasyny tutup, durup,
ýa sözi ýok ýüreginde,
ýa gözleri okean däl,
köl ýa guýy, gurap galan,
o tohumlyk, bu tohumlyk,
emel bolsa tapan, alan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024