Arkaç oýny
"Bar, gidiber" diýip, kowdular ony,
düýn-oňňunam hojaýyndy Ahalda,
biri, belki, berenlerin aljagyň,
nesip bolsa, baý boljagyň bir ýylda,
birinji däl, ikinji däl, nobaty
uzyn eýdip-beýdip, çykanyň daga,
iň esasy ogurlygyň etmeli,
iň ullakan ogra diýmeli aga,
galam-depder oýnun oýnap mejlisde,
emma birden gar syrady bagtyna,
ýa başgasy has artyk iş başardy,
düýn-oňňunam hojaýyndy Arkaçda,
"git" diýdiler, gowulyk ýok daşarda...